Maliýe howpsuzlygy boýunça V Halkara Olimpiadasy

68

29-njy sentýabr - 3-nji oktýabr aralygynda, Krasnoýarsk şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy (Rosfinmonitoring) tarapyndan geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça V Halkara Olimpiadasynyň jemleýji tapgyryna, hukuk öwreniş hünäriniň talyplary D.Abdykadyrow we M.Seýitliýew, amaly matematika we informatika hünäriniň talyby A.Annamuhammedow gatnaşdylar.
Halkara Olimpiadanyň netijeleri boýunça hukuk öwreniş hünäriniň IV ýyl talyby Dawud Zakirjanowiç Abdykadyrow şeýle-de amaly matematika we informatika hünäriniň III ýyl talyby Amanmyrat Annamuhammedow degişilikde II orna, diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30