Himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

307

Şu gün, 17-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi.
Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, olimpiadanyň häsiýetli aýratynlygy onda ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň professor-mugallymlarydyr alymlary bilen birlikde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim merkezleriniň professordyr alymlary, doktorantdyr magistrlary eminlik etdiler.
«Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat oňa gatnaşyjy professor-mugallymlarydyr alymlara himiýany okatmakda innowasion tehnologiýalaryň orny, täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri, wekilçilik edýän bilim-ylym edaralarynyň, merkezleriniň mysalynda alnyp barylýan işler boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.
Dabaranyň ahyrynda himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar hem-de diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdep maksatnamasyna laýyklykda organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. A dereje ýazmaça görnüşinde, B dereje test görnüşinde geçirildi.
Şeýlelikde, A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji hem-de 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiada hem-de halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bäsleşigiň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Ýeňijileriň sanawyny ŞU SALGYDAN görüp bilersiňiz.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30