Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi
48Şu gün, 24-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Seýitnazar Seýdi — watançy şahyr» atly ylmy maslahat geçirildi. Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Ylmy maslahatda edilen çykyşlarda Seýitnazar Seýdiniň şygyrlarynyň çeperçiligi, türkmen edebiýatynyň taryhynda serkerde-şahyrçylyk mekdebi, şahyryň döredijiliginiň öwreniliş taryhy, «Sen çölüň» goşgusynda tebigatyň waspy barada giňişleýin durlup geçildi.
Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan taýýarlanylan «Seýdiniň eserleri — mertlik mukamy» edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» aýdym maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Ylmy maslahat bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Seýitnazar Seýdiniň we beýleki nusgawy şahyrlaryň döredijiligine degişli kitaplaryň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň ýazan kitaplarynyňdyr gollanmalarynyň sergisi guraldy.