«Magtymguly Pyragy pähimler mülküniň şasydyr» atly maslahat geçirildi
1328-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy pähimler mülküniň şasydyr» atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmunyny giňden wagyz-nesihat etmek babatdaky meýilnama esasynda guralan maslahatda mugallymlaryňdyr talyplaryň çykyşlaryna giň orun berildi.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ähmiýeti, şahyryň döredijiliginiň öwrenilişi, akyldaryň parahatçylyk garaýyşlary barada giňişleýin bellenilip geçildi. Magtymguly Pyragynyň diwanlary we külliýaty, Aleksandr Hodzkonyň döredijiliginde şahyryň orny hakynda hem gyzykly çykyşlar edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, milli mirasymyzy, umumy medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.