Türkmen döwlet uniwersitetinde BAE-niň Ilçisiniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi
44Şu gün, 10-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Al Hameli tarapyndan «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda raýdaşlyk we ylalaşykly ýaşamak boýunça hyzmatdaşlyk» atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ilçi okuw sapagynda iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýandygyny, iki dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň saparlarynyň netijeli häsiýete eýe bolup, strategik taýdan has-da ösdürilýändigini belläp geçdi.
Şonuň ýaly-da, Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýetini bellemek bilen, öňe sürülýän başlangyçlaryň sebitde we dünýäde parahatçylyk, ynanyşmak hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde uly orna eýe bolup durýandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary, şol sanda bilim-ylym ulgamlarynda alnyp baryljak işler bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.