Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

18

10-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre «Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň arasynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikdäki düşündiriş wagyz-nesihat çärelerini geçirmegiň iş meýilnamasyna» laýyklykda guraldy.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň iş üpjünçiligini we durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýändigini bellediler. Ýaşlaryň zähmetini netijeli peýdalanmak döwrüň wajyp meselesi bolup, ol ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär bilimini bermek we iş bilen üpjün etmek ýaly görkezijileriň ylmy taýdan seljerilmegini hem-de öwrenilmegini talap edýär.
Çykyşlarda jemgyýetiň işjeň topary hasaplanýan ýaşlary hünär taýdan taýýarlamak, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda uly tagallalar edilýändigi bellenilip, ýaşlaryň jemgyýetde syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşdedigi hem-de durmuş-demografik ýagdaýlaryň emele gelmeginde aýratyn orun tutýandygy nygtaldy.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30