Inklýuziw okatmagyň we öwrenmegiň SCAFFOLD usulyýeti boýunça duşuşyk geçirildi
3411-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy Kristina Hemşemaýer tarapyndan «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlary üçin dialog we hereket» (DARÝA) atly sebitleýin taslamasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň çäginde Inklýuziw okatmagyň we öwrenmegiň SCAFFOLD usulyýeti boýunça duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, DARÝA sebitleýin taslamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Kristina Hemşemaýer Inklýuziw okatmagyň we öwrenmegiň SCAFFOLD usulyýetiň kömegi bilen okatmagyň mümkinçilikleridir peýdalanylyşy, usulyýet hünär kämilleşdiriş sapaklaryna goşulmagy, bu usulyýetiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlaryna öwretmek boýunça giňişleýin belläp geçdi. Şeýle hem SCAFFOLD usulyýetini mekdeplerde ulanmak, geljekde bu usulyýetiň talyplara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga berjek täsiri boýunça aýtdy.
Şonuň ýaly-da, utgaşdyryjy K.Hemşemaýer Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň giňden alnyp barylýan döwründe şeýle öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrmagyň ähmiýetli taraplaryny belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda SCAFFOLD usulyýeti bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.