Uniwersitetimiziň talyplary Indoneziýada fizika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular

50

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 6 — 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikaçylar olimpiadasy — 2025» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde medallaryň 6-syna (2 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç), şonuň ýaly-da, Baş baýraga mynasyp boldular.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, Baş baýraga, şol hünäriň talyby Kerim Çerkezow altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew hem-de Mähriban Kakamyradowa kümüş medallara, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Aýşat Saparowa we Arslan Jumaýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädowyň ýolbaşçylygynda talyplarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Halkara Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Bäsleşige Türkmenistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Bangladeşden, Boliwiýadan, Wenesueladan, Wýetnamdan, Gwatemaladan, Italiýadan, Indoneziýadan, Hindistandan, Filippinlerden, Malaýziýadan, Meksikadan, Pakistandan, Rumyniýadan, Sloweniýadan we Türkiýe Respublikasyndan talyplar gatnaşdylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30