Uniwersitetimiziň talyplary Polşada geçirilen halkara olimpiadada ýeňiji boldular

55

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 7 — 9-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara olimpiadada matematikanyň algebra we kombinatorika, matematiki analiz, funksional deňlemeler, geometriýa we ähtimalyklar nazaryýeti bölümleri boýunça meseleler hödürlendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bäsleşikde 3 altyn, 2 kümüş medallara, şonuň ýaly-da, toparlaýyn bäsleşikde höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Şahsy bäsleşikde uniwersitetiň matematika fakultetiniň talyby Şabibi Nurjanowa, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Hajymuhammet Ataýew we Arslanbeg Ýazmämmedow altyn, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Didar Gaýipow we Emir Wellekow kümüş medallara mynasyp boldular.
Talyplar bäsleşige uniwersitetiň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar.
Olimpiada Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerinden 150-ä golaý talyp gatnaşdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30