Halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi
64Şu gün, 12-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, häzirki zaman şertlerine laýyklykda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri barada uly buýsanç bilen çykyş etdiler.
Uniwersitetiň talyplary 7 — 9-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyby Şabibi Nurjanowa, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Hajymuhammet Ataýew, Arslanbeg Ýazmämmedow altyn, maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Didar Gaýipow we Emir Wellekow kümüş medallara mynasyp boldular.
Şeýle hem uniwersitetiň talyplary 6 — 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikaçylar olimpiadasy — 2025» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde medallaryň 6-syna (2 altyn, 2 kümüş, 2 bürünç), şonuň ýaly-da, Baş baýraga mynasyp boldular. Bäsleşigiň netijesi boýunça fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, Baş baýraga, şol hünäriň talyby Kerim Çerkezow altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew we Mähriban Kakamyradowa kümüş medallara, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Aýşat Saparowa we Arslan Jumaýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Talyplaryň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Halkara Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şöhratly işlerini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de türkmen ýaşlaryny wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Dabara bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhyny we häzirki ösüşlerini beýan edýän taslamalaryň sergisi guraldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.