Gazagystan Respublikasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi bilen geçirilen duşuşyk

22

12-nji noýabrda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek hakyndaky Ylalaşygyň” çäklerinde bu ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly tema boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň amaly meselelerine üns berildi. Taraplar ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti, hünär kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşlary işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijesinde taraplar amaly hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassykladylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30