Aral deňziniň ekologiýa meselelerini öwrenmäge bagyşlanan ylmy-usuly maslahat

7

Şu gün, 14-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Aral deňziniň ekologiýa meselelerini öwrenmegiň sebitiň tebigy baýlyklaryny goramakdaky ähmiýeti» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplar, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary, ylmy işgärleri hem-de Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ylmy-usuly maslahatda ýurdumyzda ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşlara ekologiýa bilimini hem-de medeniýetini öwretmek, bu ugurda ylym-bilim we önümçilik arabaglanyşygy boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.
Hususan-da, çykyşlar Aral deňziniň zyýanly täsirini gowşatmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň baş toplaýjy akabasynyň töwereginiň ösümlik örtügi, gidrometeorologiýa işlerini gurnamagyň esaslary, Aral sebitiniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň esasy ugurlary, Milli Aral Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi we ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly amala aşyrylýan işler, Türkmen Aralýaka sebitinde ýerleriň häzirki zaman ekologik ýagdaýy we olary gowulandyrmagyň meseleleri ýaly ylmy nutuklarda beýan edildi.
Maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de ýurdumyzyň ekologiýasyny we daşky gurşawyny gorap saklamak bilen baglanyşykly talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30