«Galkynyşly Diýarymyza waspymyz, gül Watanyň, şu milletiň nesli biz» atly döredijilik bäsleşigine badalga berildi
2817-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Galkynyşly Diýarymyza waspymyz, gül Watanyň, şu milletiň nesli biz» atly döredijilik bäsleşigine badalga berildi.
5-nji dekabra çenli dowam etjek döredijilik bäsleşigi talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungaty, halk döredijiliginiň nusgalary boýunça ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, bu ugurda zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Döredijilik bäsleşiginde talyp ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan edebi-çeper kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän döwrebap aýdymlar, türkmen halk aýdymlary, milli we nusgawy saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem talyplar tarapyndan taýýarlanylan degişme sahnalary, halk döredijilik eserlerinden sahnalar, çeper okaýyşlar, tansly çykyşlar talapkär eminler topary tarapyndan bahalandyrylýar.
Bäsleşikde Baş baýraga we I, II, III derejeli orunlara mynasyp bolan talyplar toparyna Hormat hatlary, uniwersitetiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.