«Watanymyz Bitarap menziller aýdyň» ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi

51

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Watanymyz Bitarap menziller aýdyň» ady bilen surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Talyplar öz çeken suratlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şygaryndan ugur alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny wasp etdiler.
Bäsleşikde Baş baýraga hem-de 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan talyplara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ilkinji guramasy tarapyndan diplomlar hem-de sowgatlar gowşuryldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30