Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
17Şu gün, 5-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ygtybarly ýoly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisde we bölümçeleriň 12-sinde dowam etdirildi. Maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, talyplary, ylmy-barlag institutlaryň alymlary, ylmy işgärleri, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, şeýle-de, aspirantlar we alymlyk derejelerine dalaşgärler 480-den gowrak ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy nutuklary bilen gatnaşdylar.
Maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan umumadamzat ähmiýetli işler, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, şonuň ýaly-da, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasatynyň we «Dialog — parahatçylygyň kepili» ylmy filosofiýasynyň ýurdumyzda, sebitde we dünýäde giňden dabaralanmagy barada giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle-de, bilim-ylym ulgamyndaky özgertmeler, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryndan nano we himiki tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmegiň, biotehnologiýa, molekulýar biologiýanyň, genetikanyň, maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň, innowasion ykdysadyýetiň we ynsanperwer ylymlaryň çäklerindäki temalardan täsirli ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar boldy.
Maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan sergidäki Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarydyr gollanmalary we monografiýalary, talyplaryň ylymda, bilimde gazanan üstünliklerini we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalar, programma işläp düzmeler gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.