Halkara ylmy-amaly maslahat
284-nji dekabrda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde ýerleşýän Daşary ýurt dilleri Belarus döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan guralan “Häzirki zaman dünýäde watansöýüjilik terbiýesiniň meselelerini seljermekde ylmy-usuly garaýyşlar” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory B.Diwangulyýewa “Watansöýüjilik terbiýesinde türkmen epiki mirasynyň orny”, arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty S.Ataýew “Daşary ýurt türkmenleriniň etnomedeni baglanyşyklarynyň öwrenilmeginiň häzirki ýagdaýy we geljegi” we şol kafedranyň mugallymy J.Şagulyýewa “Ýaşlaryň watansöýüjilik terbiýesi - geljegiň girewi” atly ylmy nutuklary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, çykyş etdiler.