«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky sany çykdy

28

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy.
Hemişekiler ýaly, gazetiň nobatdaky sanynda uniwersitetiň täzeliklerine giň orun berildi. Şeýle hem uniwersitetde geçirilen maslahatlardyr çäreler barada habarlar ýerleşdirildi.
Gazetiň täze sanynda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp-ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça taýýarlan makalalaryna giň orun berildi.
Gazet Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlardyr talyplar üçin ilkinji edebi meýdança bolmagynda galýar. Şonuň üçin gazetiň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen goşgulardyr oýlanmalar okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker.
Gazetiň sahypalarynda sport, halkara habarlaryna hem giň orun berlip, olaryň suratlar bilen baýlaşdyrylandygyny hem bellemek gerek.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30