UNICEF: Durmuş gullugy boýunça hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi
4918-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary H.Täçjanowanyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň, UNICEF-iň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň durmuş işi boýunça hünärmenleriň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we durmuş işi hünäriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Durmuş gullugy boýunça hünärmenler üçin sertifikatlaşdyryş okuw maksatnamasyny tamamlanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

