Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri Fransiýada tanyşlyk saparynda boldular
2217 – 21-nji dekabr aralygynda nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi A.Amanmädow Fransiýa Respublikasynyň Sen-Pol-de-Dýurans şäherinde ýerleşýän Halkara ITER (International Thermonuclear Experimental Reactor) guramasynyň dolandyrylýan termoýadro energiýasyny almak hem-de ony ekologik taýdan arassa we tükeniksiz elektrik energiýasynyň çeşmesine öwürmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşmak üçin radiofizika we elektronika hünäriniň 1-nji ýyl talyby M.Kakamyradowa bilen bilelikde Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde toparyň ýolbaşçysy hökmünde iş saparynda boldy.

