Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi
6131Gazagystan Respublikasynyň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine žurnalistika hünäriniň III ýyl talyby D.Ýarjanow internet arkaly gatnaşyp, GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin ýeňiji diýlip yglan edildi we I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan, şeýle hem kubok bilen sylaglandy.

