Westminster uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi
2012-13-nji ýanwarda Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň ylym we bilim alys-çalşygy işleri boýunça prorektorynyň orunbasary Endrýu Lin hem-de uniwersitetiň ylmy gözleg işgäri, filosofiýa ylymlarynyň doktory Anastasiýa Bezborodowa «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwredijiligini çaltlandyrmak» atly maksatnamasy boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlary geçmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde boldular. Okuwlar «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň» (AELLCA) çäklerinde geçirilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda ylym-bilim, hünär derejesini kämilleşdirmek we hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça duşuşyk geçirildi.
Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlarynyňdyr talyplarynyň gatnaşmagynda hünär hem-de okuw derejelerini kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. Myhmanlar iňlis dilini öwretmegiň häzirki zaman usulyýeti, Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda iňlis dilini öwretmegiň aýratynlyklary, ony öwretmegiň çaltlandyrmagyň usulyýeti bilen baglanyşykly gürrüň berdiler. Hususan-da, uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, talyplaryň hünär endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen iňlis dilini öwretmegiň ýollarydyr döwrebap usulyýeti boýunça çykyş etdiler.
Hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň dowamynda iňlis dilini öwrenmek we öwretmek bilen ikinji dil hökmünde endiklerini, başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.