Talyplarymyz halkara derejeli üstünlikleri

24

25 — 28 - nji ýanwar aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde Buhara döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara matematika (Buhara International Mathematical Olympiad) we himiýa (International Chemistry Olympiad) olimpiadalary geçirildi.
Halkara matematika bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy bäsleşikde 10 altyn medal, 14 kümüş medal we 1 bürünç medal bilen sylaglanyldy.
Himiýa olimpiadasyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Ýokary okuw mekdeplerimiziň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy bäsleşikde 7 altyn medal, 3 kümüş medal we 11 bürünç medal bilen sylaglanyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30