«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy

16

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy.
Gazetiň nobatdaky sanynda uniwersitetiň täzeliklerine giň orun berildi. Şeýle hem uniwersitetde geçirilen maslahatlardyr çäreler barada habarlar ýerleşdirildi. Talyp ýaşlaryň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Gazetiň täze sanynda uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplarynyň türkmen bedewleri barada taýýarlan makalalaryna giň orun berildi. Gazetiň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen goşgular hem okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker.
Gazetiň sahypalarynda sport habarlaryna hem giň orun berlip, olaryň suratlar bilen baýlaşdyrylandygyny hem bellemek gerek.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30