Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

34

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» («Туркменистан — Родина мира и доверия») atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.
Ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşige hödürlenen işler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasyndan düzülen emin agzalary tarapyndan seljerildi hem-de eminler topary tarapyndan berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitlenildi.
Netijede Türkmenistanyň serhet institutynyň talyby Şageldi Gylyjow 1-nji orny eýeledi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Kamila Hudaýbergenowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nurana Annaýewa, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Guwançmyrat Gurbangeldiýew 2-nji, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mähri Mülkamanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Meňli Çaryýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Lola Seýidowa 3-nji orunlara mynasyp boldular.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30