Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirilýär

28

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirilýär.
Ders bäsleşigi talyp ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek, talyp ýaşlaryň biologiýany düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenmeklige gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de çuňňur bilimliligini ösdürmek, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan biologiki meseleleri, tejribeleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşik 18-nji martda sagat 14:00-da bellenilen ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylar wideoşekiller arkaly göni ýaýlymda görkeziler.
Test soraglary Botanika dersinden hödürlenýär we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediýasyny öz içine alýar.
Bäsleşigiň düzgünnamasyny ŞU SALGYDAN ýükläp alyp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30