Iňlis dili dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçirilýär
22Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçirilýär.
«Daşary ýurt dillerini öwrenmek paýhaslylyga açylýan gapydyr» ady bilen guralýan bäsleşik 27-nji martda sagat 12:00-da geçiriler. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden üç talyp gatnaşyp biler. Gatnaşyjylara jemi 50 soragdan ybarat ýumuşlar berler.
Bäsleşigiň düzgünnamasyny ŞU SALGYDAN ýükläp alyp bilersiňiz.