Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirilýär

27

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirilýär.
Bäsleşik 10-njy aprelde sagat 10:00-da bellenilen ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylar wideoşekiller arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden üç talyp gatnaşyp biler we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň web saýtynda ýokary okuw mekdepleriniň özünde onlaýn gatnaşmak arkaly geçiriler.
Bäsleşigiň düzgünnamasyny ŞU SALGYDAN ýükläp alyp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30