Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary
15Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle asylly maksatlardan ugur alnyp, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşandyny goşup biljek raýatlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
2026-njy ýylyň 16 — 26-njy fewral aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda eýranly professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň pars dili we edebiýaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. Okuwlar Eýran Yslam Respublikasynyň Saady gaznasynyň pars dili we edebiýaty mugallymlary Ahmadighader Shahnaz we Sheikhi Tahmine tarapyndan alnyp baryldy.
Okuwlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Ýurdumyzda bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek bilim syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, ýaşlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda dürli okuwlar geçirilýär.
Ylym-bilim ulgamyny öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek döwletimiziň baş maksatlarynyň biridir. Şu jähetden, ýurdumyzda alymlaryň, ylmy işgärleriň has-da netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars dili we edebiýaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary üçin geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary-da aýdylanlaryň aýdyň güwäsine öwrüldi. Okuwlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Sertifikatlar gowşuryldy.