Aýdym-sazly dabara geçirildi
144-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli bilim alýan talyp gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
«Berkarar Watanymyzda zenanlara sarpa bar, Arkadagly Serdarly ýurdum baky bagta ýar» atly dabara uniwersitetde bilim alýan, özleriniň bilim, ylym, taslama we döredijilik bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan talyp gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň taryhy ähmiýeti, şeýle-de, bu ajaýyp kitapda hormatly Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň keşbiniň çeper beýany we onuň gyz-gelinler üçin görelde mekdepdigi, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, köp çagaly enelerimize «Ene mähri» medalynyň gowşurylmagy çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda türkmen tebigatynyň gül-gunça açýan ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän, halkymyzyň başynyň täji mähriban ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň taryhy ähmiýeti barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz, «Diýar» tans, folklor we dutarçylar toparlary çykyş edip, olarda ata Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, mährem enelerimizi, mähriban gyz-gelinlerimizi wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýerine ýetirildi.