Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

31

6-njy martda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda 2026-njy – “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly we 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zemine abatlyk, Arşa gözellik – Zenanlaryň mähre ömre gönezlik” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-miugallymlary, talyplary we kümüş saçly enelerimiz gatnaşdylar. Çärede çykyş eden eneler, zenan mugallymlar we talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň taryhy ähmiýeti, şeýle-de, bu ajaýyp kitapda Hormatly Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň keşbiniň çeper beýany we onuň gyz-gelinler üçin görelde mekdepdigi hakynda, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, köp çagaly enelerimize “Ene mähri” medalynyň gowşurylmagy, ene mukaddesligi, zenan mertebesini belentde tutmak, gyz-gelinlere hormat-sarpa ýaly köp asyrlaryň dowamyndan häzirki döwrümize gelip ýeten ajaýyp häsiýetlerini dowamat-dowam edýändigi dogrusynda çykyş etdiler.
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz topary çykyş edip, olarda ata Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mährem enelerimizi, mähriban gyz-gelinlerimizi wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýerine ýetirildi.
Wagyz - nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda ene-mamalarymyza, gyz-gelinlerimize goýulýan uly sarpa, hormat, ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, ýaşlaryň kämil nesil bolup ýetişmegi babatda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30