Magtymguly adyndaky TDU-da halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
372026-njy “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek aýda beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek çäreler bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem sanly ulgam arkaly “Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary hem-de dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek baradaky teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.