Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi
3815-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli “Zemin zynatyndan ýazlar gülleýär, türkmen ilim bu gün Nowruz toýlaýar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly, müňýyllyklardan häzirki günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň amaly-haşam işleriniň sergisi bilen utgaşdy. Dabara gatnaşan kümüş saçly eneler, professor-mugallymlar we talyplar Milli bahar baýramynyň, ýagny taryhylygy, onuň gadymy baýram bolmak bilen, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdylar.
Şeýle-de medeni mirasymyzyň we köpasyrlyk däplerimiziň bitewüligini özünde jemlemek bilen, Nowruz baýramynyň halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyz üçin ähmiýetiniň örän uludygyny gürrüň berdiler.
Bu baýramçylygyň ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet derejesinde giňden bellenilip, onuň taryhyny, gymmatlylygyny, adamlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetiniň has-da artandygyny buýsanç we guwanç duýgulary bilen beýan edildi.
Baýramçylyk dabarasynda talyp gyzlar tarapyndan läleleriň, monjugatdylaryň ýerine ýetirilmegi, oglanlar tarapyndan bolsa düzzüm, küşt oýunlarynyň oýnalmagy, göreş tutulmagy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde we millilik ýörelgelerimize ygrarly bolmagynda uly orna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly milli tagamlaryň taýýarlanylmagy we däp-dessurlaryň, urp-adatlary ýerine ýetirilmegi, yrym-ynançlar barada gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz, folklor, «Diýar» tans we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.