Biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi
7018-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, biologiýa boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Serhet institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar.
Ders bäsleşigine her ýokary okuw mekdebinden 5 talyp gatnaşyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň web saýtynyň binýadynda ýokary okuw mekdepleriniň özünde onlaýn arkaly geçirildi.
Bäsleşikde test soraglary botanika dersinden hödürlenilip, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny öz içine alýar.
Bäsleşigiň netijesi boýunça öňdeligi eýelänler şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilip, ýeňijiler diplomlar bilen sylaglanarlar.