Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi
3618-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Tebigat geýipdir zyýapat donun, türkmen ilim, Nowruz bu gün, toý bu gün!» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary, şeýle hem hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebine berkidilen Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, şonuň ýaly-da, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binasynyň eýwanynda guralan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyňdyr gollanmalarynyň hem-de Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly milli gymmatlyklarymyzyň amaly-haşam işleriniň sergisi bilen utgaşdy.
Dabarada edilen çykyşlarda Halkara Nowruz gününiň taryhylygy, onuň ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak bilen, Nowruz baýramynyň halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyz üçin ähmiýetiniň örän uludygy bellenildi.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda talyplar gyzlar tarapyndan läleleriň, monjugatdylaryň ýerine ýetirilmegi, oglanlaryň bolsa türkmen milli oýunlaryny ýerine ýetirmegi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimiz gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde we millilik ýörelgelerimize ygrarly bolmagynda uly orna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly milli tagamlaryň taýýarlanylmagy we däp-dessurlaryň, urp-adatlaryň ýerine ýetirilmegi, yrym-ynançlar barada gymmatly maglumatlaryň beýan edilmegi oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk çäresinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň aýdymlary we talyplaryň ýerine ýetiren goşgulary dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Dabara gatnaşyjylar ýaşlarda milli ruhly esasda sagdyn durmuş keşbini kemala getirmek, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, ruhubelent, sagdyn nesli ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.