Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
181-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýokary kazyýetiň wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmanlary, Aşgabat şäher häkimliginiň agzalary bolan kümüş saçly eneler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary, talyp gyz-gelinleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, gyz gözelligi, edep-ekramy, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, zenan mertebesi, nesilleri milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza esaslanyp terbiýelemegiň ýol-ýörelgeleriniň orny barada belläp geçdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, päklik, zähmetsöýerlik, halallyk ruhunda terbiýelenilişi, milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny has belent derejelere ýetirilişi çykyşlarda nygtalyp geçildi.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we olary terbiýeçilik işleriň aýrylmaz bölegi hökmünde esasynda alyp barýan ýörelgesini dowamat-dowam edip, sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.