Sport dabarasy geçirildi

16

2-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany: Sagdynlyk abadançylygyň we üstünligiň gözbaşydyr» atly sport dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen sport baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde professor-mugallymlar we talyp ýaşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerini alyp bardylar. Dabara sport maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň welosiped sürmek görnüşi boýunça ýörişler geçirmek bilen utgaşdy. Şonuň ýaly-da, çärede ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, bu ugurda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sport baýramçylygynyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz, tans toparlary tarapyndan berkarar döwletimizi, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, türkmen tebigatyny, türkmen sportuny şöhratlandyrýan aýdymlar aýdyldy we tanslar ýerine ýetirildi.
Sport baýramçylygy fakultetara sportuň woleýbol, basketbol, futbol, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, tennis, tanap çekmek, tigir sürmek, ýeňil atletika, göreş, agyr daş götermek görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar we görkezme çykyşlar bilen utgaşdy. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimize gelip ýeten ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlar dabara gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30