Fizika fakultetiniň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
223-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Bilimli ýaşlar – strategik ösüşiň we durnukly geljegiň kepili» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we mukaddes Garaşşyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bilen baglanyşykly guraldy.
Wagyz-nesihat çärede çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl we ynsanperwer syýasatlarynyň esasynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşine gönükdirilýändigini belläp geçdiler.
Şeýle-de wagyz-nesihat çäredäki çykyşlarda türkmen jemgyýetinde bedewiň gymmaty, onuň halkymyzyň arasynda milli gymmatlyklarymyzda sungat derejesinde belent derejelere eýe bolýandygy beýan edildi.
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary wagyz-nesihat çärä gatnaşyjylarda täsir galdyrdy. Şonuň ýaly-da, çäre bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň, monografiýalarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan şöhratly taryhymyzy, döwrümiziň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalaryň sergisi guraldy.