Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi

53

Şu gün, 15-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar: halklaryň we medeniýetleriň durnukly ösüşi» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň 15-sinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýäniň, Italiýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Ruanda Respublikasynyň, Nabimiýa Respublikasynyň, Tanzaniýanyň hem-de Mýanmanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň 40-syndan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara maslahatyň umumy mejlisine gatnaşyjylar soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şunda «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» esasynda Bitarap Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryň berk binýady bolan bilim, ylym we medeni miras babatda alyp barýan işleriniň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde, ylym-bilim merkezlerinde taryhy we medeni mirasy öwrenmekde alnyp barylýan häzirki zaman ylmy barlaglar barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar dost-doganlyk ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen dowamat-dowam bolýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Ertir, 16-njy aprelde halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Türkmenistan — ÝUNESKO: milli we bütindünýä medeni mirasy goramakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny», «Halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Taryhy we medeni mirasy öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň meseleleri» atly bölümçeler bilen dowam eder.
Halkara maslahatyň umumy mejlisine gatnaşyjylar ylym, bilim hem-de taryhy we medeni mirasy öwrenmekde häzirki zaman ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30