«Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary» boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi
95Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary» boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady talyp ýaşlaryň öwrenen nazary we amaly bilimlerini döredijilikli kämilleşdirmeklige hem-de umumy dünýägaraýyşlaryny ösdürmeklige, häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmeklige, zehinlerini has-da ýokarlandyrmaga, şeýle hem terbiýeçilik ähmiýetli işleri alyp barmaga gönükdirilendir.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik Türkmenistanda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdi. Şeýle-de bäsleşik bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary ulanmagy hem-de çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam etdi.
Bäsleşigiň netijesini ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.