Talybymyz Halkara ylmy-barlag işleriň bäsleşiginde üstünlik gazandy
35Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäheriniň “Aeterna” ylmy neşirýat merkezi” tarapyndan geçirilen “Häzirki zaman ylmy meseleleri we olaryň çözgüdi; seljerme, modelleşdirmek we amaly ulanylyşy” atly Halkara ylmy-barlag işleriň bäsleşiginde ýokary okuw mekdebimiziň hukuk öwreniş hünäriniň II ýyl talyby A.Amanjanow “Hukuk ylymlary” ugry boýunça “Garaşsyz Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň ösüş ýollary” atly ylmy işi bilen (ylmy ýolbaşçysy – Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy D.Şaýlyýewa) internet arkaly gatnaşyp I derejeli Diploma mynasyp boldy.