Onlaýn maslahat
1212Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan “Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Ýaş alymlar geňeşleriniň orny” atly wideomaslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 3-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde ýaş alymlaryň orny” atly ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň Ýaş alymlar geňeşleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirildi.
Maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini sanly tehnologiýalar arkaly öwrenmegiň meseleleri hakynda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde döwrebap ýokary bilimli himik hünärmenleri taýýarlamagyň orny barada, Türkmenistan – ÝUNESKO: türkmen halkynyň taryhyny öwrenmegiň, milli gymmatlyklaryny hasaba almagyň özara hyzmatdaşlygy hakynda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, ylmyň we tehnologiýanyň ösüşini, himiýa senagatyna degişli ylmy-barlag işleri, halkyň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, taryhy we edebi mirasyny öwrenmek bilen bagly çykyşlar guraldy.