Kýeti-Peskara uniwersitetinde Erasmus+ talyp alyş-çalyş maksatnamasy (Italiýa)

20

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2026/2027-nji okuw ýylynda Italiýanyň Kiýeti-Peskara uniwersitetinde (UdA) okamak üçin Erasmus+ KA171 talyp alyş-çalyş maksatnamasyna resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.
Alyş-çalyş barada maglumat
• Möhleti: 12 aý (fixed term).
• Başlanýan wagty: 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry
• Ýerleşýän ýeri: Kýeti we Peskara şäherleri, Italiýa.
Gatnaşmak üçin talaplar
Dalaşgärler aşakdaky şertlere laýyk gelmelidir:
1. Okuw ýagdaýy: 2026/2027-nji okuw ýylynda bakalawr maksatnamasynyň soňky ýylynyň talyby, magistrant ýa-da aspirant (PhD) bolmaly.
2. Akademiki görkezijiler: GPA ýa-da degişli baha ulgamy arkaly subut edilen ýokary akademiki ukyplar boýunça bahalaryň sanawy talap edilýär).
3. Dil derejesi: Iňlis ýa-da italýan dilini azyndan B1 (CEFR) derejesinde bilmeli.
Bellik: Halkara şahadatnamalary (IELTS/TOEFL) bolmasa, EU Academy platformasynda mugt testden geçip, şahadatnama alyp bolýar.
4. Ugur saýlamak: Iňlis dilinde okadylýan ugurlary saýlaýan talyplara isleg bildiriler.
Doly iňlis dilinde okadylýanm magistratura maksatnamalary
Sagdynlygyň psihologiýasy (Psychology of Well-Being and Performance)
Planetar ylymlar (Planetary Sciences)
Reabilitasiýa ylymlarynyň saglygy goraýyş hünärleri (Health Professions of Rehabilitation Sciences)
Gurluşyk inženerçiligi - Medeni miras (Building Engineering - Cultural Heritage)
Hasaplaýyş kognitiw ylmy (Computational Cognitive Science)
Bölekleýin iňlis dilinde okdylýan magistratura maksatnamalary
Ykdysadyýet we dolandyryş (Economics and Management)
Biznesiň halkaralaşmagy we innowasiýa üçin hukuk barlaglary (Legal Studies for Business Internationalisation and Innovation)
5. Nädip ýüz tutmaly?
Talyplar bu maksatnama şahsy tertipde ýüz tutup bilmeýärler; ähli dalaşgärler uniwersitet tarapyndan hödürlenmelidir.
•1-nji ädim: Iňlis dilinde hödürlenýän dersler bilen şu ýerden tanyşyň: (https://www.unich.it/international/international-students/courses-held-english).
•2-nji ädim: Gerekli resminamalary (pasportyň nusgasy, transkript, okuw ýerinden kepilnama we B1 dil şahadatnamasy) taýýarlaň.
•3-nji ädim: Içerki saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin haýal etmän uniwersitetiň Halkara gatnaşyklary bölümine ýüz tutuň.
Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2026-njy ýylyň 10-njy maýy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30