Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

124

21-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi.
Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp geçirilen goşgy bäsleşigine Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aly Mojteba Ruzbehani, Ilçiniň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi gatnaşdylar.
Goşgy bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri gatnaşyp, onuň şertine laýyklykda üç tapgyrda geçirilip, emin agzalary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň folklor we tans toparlary tarapyndan «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30