TDU bilen Kýeti-Peskara uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

67

22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň G.d’Annunzio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersitetiniň ýolbaşçylary düzüminiň hem-de professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen G.d’Annunzio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.
Maslahatyň dowamynda taraplar ýokary hünär bilimi ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek, gatnaşyklaryň täze gözýetimleri, ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, täze gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda mugallymlary we talyplary alyş-çalyş etmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda tejribe alyşmak, iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapaklaryny guramak, bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýup, alymlary alyşmak, uniwersitetlerde geçiriljek halkara derejeli çärelere bilelikde gatnaşmak ýaly işleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Italiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, şonuň ýaly-da arhitektorlarynyň arasynda gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan yzygiderli çäreler guralýar. Ilçihananyň ýardam bermeginde ýylyň-ýylyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili mugallymlary hem-de italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de okuw saparlarynda bolýarlar.
Ýeri gelende, Gabriel d’Annunsio adyndaky Kýeti-Peskara uniwersitetiniň Italiýanyň iň abraýly döwlet ýokary okuw mekdepleriniň biridigini nygtamalydyrys. Bu uniwersitet halkara derejede ykrar edilen ýokary okuw mekdebi bolmak bilen birlikde, taryh, geologiýa, inženerçilik, binagärlik, lukmançylyk, psihologiýa ýaly ugurlar boýunça dünýä ähmiýetli ylmy barlaglaryň geçirilýän ylym ojagy hasaplanýar. Kýeti-Peskara uniwersitetiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleri bilen ynsanperwer ylymlary — arheologiýa, medeni miras hem-de häzirki zaman taryhy boýunça alyp barýan giň gerimli ylmy-barlag işleri aýratyn bellärliklidir.
Özara bähbitli geljegi uly ylmy taslamalary nazarlaýan möhüm hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilendigi üçin taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna alkyş sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30