«Bütindünýä hytaý dili – 2026» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi

52

23-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda «Bütindünýä hytaý dili – 2026» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jie Şumin, Ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jie Şumin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçysy hem-de mugallymlar çykyş edip, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim babatda has-da rowaçlanandygyny belläp geçdiler.
Şonuň ýaly-da, halklaryň arasyndaky parahatçylygyň we ynanyşmagyň ugrundaky gatnaşyklara göz ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» we beýleki kitaplarynyň, şonuň ýaly-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň ylmy-nazary we ylmy-filosofik çeşme bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellenilip geçildi.
Gahryman alym Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» we beýleki kitaplarynyň hytaý diline terjime edilmegi barada aýratyn bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler häzirki zaman jemgyýetinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde hytaý we türkmen dillerini öwrenmegiň ähmiýetli taraplaryny belläp geçdiler. Hususan-da, bilim ulgamynda häzirki döwürde Hytaýyň bilim ojaklarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 10 müňden gowragynyň okaýandygy, Türkmenistanyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde, 10 sany orta mekdebinde hytaý diliniň öwrenilýändigi nygtaldy.
Aýdym-sazly dabaraly çärede türkmen hem-de hytaý dillerinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine «Ýaşasyn parahat durmuş» aýdymy, uniwersitetiň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň hytaý dilinde «Mulanyň hekaýasy» atly sahna oýny, «Biziň ählimiz bir millet», «Pengyuo» («Dost») tansly aýdymlary ýerine ýetirildi.
Dabaranyň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary we folklor tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen «Küştdepdi» milli tansy çärä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30