«Bahar buşlukçysy» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
2624-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen döredilen iş topary tarapyndan tassyklanan Meýilnamasy» esasynda edebiýaty öwreniji alym, şahyr Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Bahar buşlukçysy» atly ylmy-döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary hem-de ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy dowründe Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen merdana şahsyýetlerimiziň ýörelgeleri, söz ussatlarymyzyň, akyldarlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginiň köptaraplaýyn öwrenilmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Çykyşlarda şahyr Halyl Kulyýewiň döredijilik dünýäsiniň köptaraplaýynlygy, ony öwrenmekde türkmen alymlary tarapyndan önjeýli ylmy işleriň ýerine ýetirilendigi, şahyryň döredijiliginde ynsan, tebigat, millilik ýaly düşünjelere bolan garaýyşlaryň beýan edilişi nygtalyp geçildi.
Şeýle-de maslahatda sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda şahyryň döredijilik dünýäsini öwrenmegiň gymmaty, onuň häzirki zaman türkmen jemgyýetindäki hyzmaty dogrusynda nygtaldy.
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň talyplary tarapyndan «Şirin sözler çykyp meniň dilimden…» atly edebi-sazly kompozisiýasynyň, Halyl Kulyýewiň «Ene hüwdüsi», «1946», «Men seni söýýän», «Ykbal», «Şu zeýilli ýigit men» ýaly goşgularyna çeper okaýyşlaryň ýerine ýetirilmegi täsirli boldy.
Ylmy-döredijilik maslahaty bilen ugurdaş ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, şeýle-de Halyl Kulyýewiň şygyrlar ýygyndylarynyň, oňa degişli kitaplaryň, ylmy işleriň, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.