AÇYK GAPYLAR GÜNI

338

AÇYK GAPYLAR GÜNI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2026-njy ýylyň 2-nji we 9-njy maýynda sagat 15:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde uniwersitete gelen ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalary enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.


HOŞ GELDIŇIZ!

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri,
Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-67-30, 94-67-05
e-mail: tdu@tdu.edu.tm www.tdu.edu.tm



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30