«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany okyjylara gowuşdy

24

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň täze sany, däp boýunça, uniwersitetiň esasy täzeliklerini, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we halkara derejede geçen duşuşyklary, maslahatlary, bäsleşikleri hem-de beýleki dürli ylym-bilim, döredijilik, sport çärelerini beýan edýär.
Gazetiň nobatdaky sanynda ýerleşdirilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini dürli ýyllarda tamamlan uçurymlaryň goşgulary hem okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker.
Gazetiň sahypalarynda sport habarlaryna hem giň orun berlip, olaryň suratlar bilen baýlaşdyrylandygyny hem bellemek gerek.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30