“Aşgabat parahatçylygyň we halkara sport ýaryşlarynyň merkezi” atly duşuşyk geçirildi

686

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Bitarap Watanymyzda bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlara bilim bermek işini kämilleşdirmek we ylym bilen meşgullanmak üçin ählitaraplaýyn şertler döredilýär. Bilim bermek işini hünär ugry bilen utgaşdyrmak işi hem giňden alnyp barylýar. Bu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem berkidilen orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen ysnyşykly aragatnaşyklar ýola goýulýar.
2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň we ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Aşgabat parahatçylygyň we halkara sport ýaryşlarynyň merkezi” atly duşuşyk geçirildi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30