“Garrygala myhman barsaň...”
391-nji maýda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň käbir gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda jemlenildi. Bu bäsleşiklerde ýeňiji ýaşlaryň arasynda, biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymdyr talyp ýaşlarynyň bolmagy hem aýratyn buýsandyryjy wakadyr. Olar degişlilikde: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Nesil” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guran “Berkarar döwletiň ylham joşguny” atly döredijilik bäsleşiginde:
1. Berdinazar Döwletow – türkmen dili kafedrasynyň mugallymy – I orna;
2. Hoşgeldi Paýzyýew – türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby – II orna.
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Arkadagly Ýaşlar” elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guran “Türkmen bedewi – at-myratly Watanyň göz-guwanjy” atly döredijilik bäsleşiginde:
1. Nurgözel Ýazberdiýewa – roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň 5-nji ýyl talyby – II orna;
2. Mukam Bekgylyjow – türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby – III orna.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Biznes reklama” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guran “Köken” atly gazet tapmaçalarynyň bäsleşiginde:
1. Owadangözel Ýusubowa – taryh fakultetiniň 1-nji ýyl talyby – III orna;
2. Kümüş Muradowa – žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby – III orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.